Turkmenportal logo
Şu gün 09:26
26552655
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň (DG INTPA) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Şarlotta Adrianyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine hem garaldy. Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ulag-üstaşyr baglanyşygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem duşuşykda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri aýratyn orun eýeledi. Pudaklaýyn dialogy, şol sanda energetika boýunça hereket edýän hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde dowam etdirmäge, şeýle hem ýaşyl ösüş we howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma beýan edildi.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Hususan-da, Türkmenistanda we sebitde ýaşlary goldamaga, durnukly energetika, söwda, sanly özara baglanyşyk we beýleki ugurlara gönükdirilen ÝB-niň birnäçe maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn formatda hem-de «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» dialogynyň çäklerinde mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.