Turkmenportal logo
Şu gün 09:13
25762576
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyp gyzlary rus dili boýunça halkara olimpiadada I we II orunlary eýelediler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Rus dili we edebiýaty» hünäriniň 4-nji okuw ýylynyň talyby Läle Rzagulyýewa bäsleşikde I orna mynasyp boldy.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Günorta-Ural döwlet uniwersitetinde okaýan Dildora Bahtiýorowa II orny eýeledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Olimpiadanyň çäklerinde gyzlar beýleki daşary ýurtly talyplar bilen bilelikde leksika, grammatika we fonetika boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip, rus diliniň gurluşyna we ses aýratynlyklaryna çuňňur düşünýändiklerini görkezdiler.

Umuman, olimpiadanyň tabşyryklary özboluşly häsiýete eýe bolup, gatnaşyjylardan diňe bir rus dili boýunça bilimleri däl-de, eýsem zehinliligi, döredijilikli çemeleşmäni, dürli çeşmeler bilen işlemek ukybyny, neýroulgamlary we emeli aň gurallaryny ulanmak başarnygyny hem talap etdi.

Bäsleşigiň üç derejesi boýunça jemi 7 sany I orunlary eýelänler kesgitlenip, olaryň arasynda türkmen talyp gyzy hem bar.

Russiýanyň Sibir federal uniwersiteti tarapyndan guralan bu bäsleşikde Russiýanyň 40 ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden ynsanperwer we beýleki ugurlarda okaýan 320 talyp, şeýle-de 31 ýurtdan 53 uniwersitetiň 159 talyby gatnaşdy.

Guramaçylaryň bellemegine görä, şu ýyl daşary ýurtly gatnaşyjylaryň iň köp bölegi Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Ekwador we Hytaý ýaly döwletlere degişlidir.