Turkmenportal logo
Düýn 22:10
27162716
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda CEDAW-yň maslahatlaryny durmuşa geçirmek meselesi maslahatlaşyldy 
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň DIM-inde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça komitetiň (CEDAW) maslahatlaryny, şeýle hem gender deňligini üpjün etmek babatda Ählumumy döwürleýin synyň maslahatlaryny ýerine ýetirmek meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, CEDAW Komitetiniň başlygynyň orunbasary Marianna Mikko, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalatçynyň diwanynyň, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň we UNFPA-nyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistanyň zenanlaryň hukuklary we gender deňligi ulgamyndaky halkara borçnamalaryna, şol sanda Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýanyň düzgünlerine yzygiderli ygrarlydygyny nygtady. Şeýle hem 2024-nji ýylyň fewralynda CEDAW Komiteti bilen geçirilen netijeli gepleşikleriň jemleri boýunça işlenip düzülen maslahatlaryň zenanlaryň hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm amaly gollanma hökmünde garalýandygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar CEDAW-yň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça amaly ädimleri, zenanlaryň hukuklaryny goramagyň milli mehanizmlerini kämilleşdirmegi hem-de pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. CEDAW Komitetiniň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işlenip taýýarlanan Ýol kartasyna, şeýle hem 2026 — 2030-njy ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.