Turkmenportal logo
Şu gün 11:37
33533353
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ermenistanyň ilçisi: Türkmenistanda ermeni ybadathanasynyň binasy saklanyp galypdyr

Türkmenbaşy şäherinde saklanyp galan ermeni ybadathanasynyň binasy Türkmenistanyň dini we medeni köpdürlilige bolan aýawly çemeleşmesiniň subutnamasydyr. Bu barada Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi Arsen Awagýan «News Central Asia» agentligine beren interwýusynda aýtdy.

«Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde ermeni ybadathanasynyň binasy saklanyp galypdyr — bu möhüm ruhy we medeni merkez bolup, ermeni jemgyýetiniň köp ýyllyk taryhynyň hem-de döwletiň dini we medeni köpdürlilige aýawly çemeleşmesiniň janly subutnamasydyr» diýip, diplomat belledi.

Awagýanyň sözlerine görä, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar diňe bir syýasy we ykdysady däl, eýsem, çuňňur taryhy-medeni häsiýete hem eýedir. Hususan-da, Ermenistanyň Argawand obasynda türkmen emirleriniň aramgähi ýerleşýär. Bu ýadygärlik sebitiň köp gatlakly umumy taryhyny şöhlelendirýär.

«Bu ýadygärligiň goralyp saklanmagy we Ermenistanyň taryhy-medeni landşaftynyň bir bölegi bolmagy biziň türkmen halkynyň mirasyna bolan hormatymyzyň subutnamasydyr» diýip, ilçi nygtady.

Şeýle hem Awagýan Ýerewan — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawynyň açylmagyna umyt bildirdi hem-de muny işewürlik, syýahatçylyk hem-de medeni gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm ädim diýip atlandyrdy.

Ermenistanyň ilçihanasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistandaky ermeni jemgyýeti XIX asyryň ahyrynda — Orta Aziýa demir ýolunyň gurluşygy döwründe emele gelipdir. Ermenistandan we Zakawkaziýanyň ermeniler ýaşaýan sebitlerinden gelen senetçiler, agaç ussalary we demirçiler Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) — Daşkent ugrundaky köprüleriň gurluşygyna gatnaşypdyrlar hem-de sebitiň iri şäherlerinde: Aşgabatda, Maryda, Krasnowodskda, Çärjewde (häzirki Türkmenabat), Gyzylarbatda mesgen tutupdyrlar.

Türkmenbaşydaky ybadathana häzirki wagtda işlemeýär we düýpli abatlaýyş işlerine mätäçdir.