Beýik Britaniýada ýaşlaryň bir milliona golaýy hiç ýerde okamaýar we işlemeýär diýip, «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» habar berýär.
NEET görkezijisi (hiç ýerde okamaýan we işlemeýän ýaşlar) ýaşlaryň arasyndaky işsizligiň umumy derejesine garanyňda, zähmet bazaryndaky kynçylyklary has takyk yzarlamaga mümkinçilik berýär, oňa laýyklykda, 2025-nji ýylyň ahyrky çärýek döwründe ýaşlaryň arasynda işsizlik soňky 10 ýylda iň ýokary bolupdyr.
Hünärmenler iň pes aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylmagy we iş berijileriň durmuş ätiýaçlandyryş gaznasyna geçirýän maliýe serişdeleri ýaş britanlar üçin işe ýerleşmek boýunça şertleriň çylşyrymlaşmagyna getirýär diýip belleýärler.