Turkmenportal logo
Şu gün 10:21
43944394
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi internet toruny döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi köp hyzmatly maglumat geçiriş toruny (internet) döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, aragatnaşyk enjamlaryny eltip bermek, gurnamak we sazlamak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärler ýazmaça arza bermeli we bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly. Resminamalar iki aýratyn bukjada — tehniki we täjirçilik teklipleri görnüşinde hödürlenilýär.

Arzalar şu bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda şu salgy boýunça kabul edilýär: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 88-nji jaý. Telefon: (+99312) 44-90-76, faks: (+99312) 44-93-75.