Turkmenportal logo
Şu gün 10:02
35963596
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Günbatar Türkmeistanda 80 müň tonnadan gowrak bugdaý ýygnamak meýilleşdirilýär

Balkan welaýatynda ak ekinleriň idegi talabalaýyk alnyp barylýar. Şu günlerde hem Günbatar sebitiň ak ekin meýdanlarynda geçen güýzde ekilen, wagtynda oňat gögeriş alnan bugdaýa ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ekinlere ösüş suwuny tutmak, mineral we organiki dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna gerbosidleri ulanmak çäreleri guramaçylykly amala aşyrylýar. Kuwwatly tehnikalar, tirkeg gurallary, şeýle-de önümçilige ornaşdyrylan sanly ulgam we telematik usul işleriň ýokary hilli we netijeli bolmagyny şertlendirýär.

Balkanly daýhanlar 2026-njy ýylda 50 müň gektar ýerden jemi 80 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnap almaklygy meýilleşdirýärler. 

Bu işler welaýatyň Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplarynda has-da göwnejaý ýola goýlupdyr. Ekin dolanyşygyndaky ýerleriň haşal otlardan arassaçylygyna-da aýratyn üns berilýär. Şonuň ýaly-da meýdanlarda deslapdan taýýarlanylan gerbosidler kadaly ulanylýar.

Möwsümleýin işlerde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky zähmet toparlary-da öndürijilikli işleýärler diýlip, habarda bellenilýär.