Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndysy Aziýa we Okeaniýa zolagynda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Deýwisiň Kubogynyň deslapky saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna möhletinden öň çykmagy başardy. Bu ýaryş Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Ýaryşda altynjy belgide çykyş edýän türkmen topary yzly-yzyna iki ýeňiş gazandy — Omanyň ýygyndysyny 3:0, şeýle hem Mýanmanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Tapgyryň jemleýji duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysy ikinji belgide çykyş edýän Singapuryň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu oýun ýygyndylaryň haýsysynyň pleý-off tapgyryna birinji orundan çykjakdygyny kesgitlär.
DCJ Asia/Oceania Pre-Qualifying ýaryşy Halkara tennis federasiýasy (ITF) hem-de Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan guralyp, oňa sebitden jemi 15 topar gatnaşýar.