Turkmenportal logo
Şu gün 09:31
25962596
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly tennisçiler Şri-Lankada ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Deýwisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalyna çykdylar

Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndysy Aziýa we Okeaniýa zolagynda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Deýwisiň Kubogynyň deslapky saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna möhletinden öň çykmagy başardy. Bu ýaryş Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Ýaryşda altynjy belgide çykyş edýän türkmen topary yzly-yzyna iki ýeňiş gazandy — Omanyň ýygyndysyny 3:0, şeýle hem Mýanmanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Tapgyryň jemleýji duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysy ikinji belgide çykyş edýän Singapuryň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu oýun ýygyndylaryň haýsysynyň pleý-off tapgyryna birinji orundan çykjakdygyny kesgitlär.

DCJ Asia/Oceania Pre-Qualifying ýaryşy Halkara tennis federasiýasy (ITF) hem-de Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan guralyp, oňa sebitden jemi 15 topar gatnaşýar.