Turkmenportal logo
Şu gün 09:19
30903090
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Hünäri boýunça rus dili» atly okuw kitaby neşir edildi

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Hünäri boýunça rus dili» atly täze okuw kitaby çap edildi. Onuň awtory — T. Babaewa.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berilýän maglumata görä, täze okuw gollanmasy dil hünäri bilen bagly bolmadyk ugurlarda okaýan talyplar üçin niýetlenendir. Şol sanda «Halkara ykdysady gatnaşyklary» ugry boýunça bilim alýanlar hem bu kitaby ulanyp bilerler.

Okuw kitaby 136 okuw sagadyna niýetlenip, hünär boýunça aragatnaşyk ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Muňa işewür hat alyşmalar, resminamalary taýýarlamak, gepleşikleri geçirmek hem-de çykyşlary (tanyşdyryşlar) taýýarlamak ýaly ugurlar girýär.

Şeýle hem kitapda özbaşdak işlemek üçin tekstler we degişli ýumuşlar ýerleşdirilendir.