Turkmenportal logo
Düýn 23:10
16851685
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýazky at çapyşyklaryna badalga berildi

22-nji martda Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi. Halkara Nowruz gününiň dabaralary bilen gabat gelen bu waka goşa baýramçylyk hökmünde kabul edilip, ol belent joşgunly aýdym-sazlara hem-de dürli medeni çärelere beslendi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

2026-njy ýylyň ýazky at çapyşyk möwsüminiň ilkinji çapyşygynda janköýerler gyzykly çapyşyklaryň 10-syna tomaşa etdiler. Çapyşyklar 1200 metrden 1800 metre çenli dürli aralykda geçirildi. Birinji çapyşykda 1200 metr aralyga geçirilen ýaryşda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bellidag diýen gyr at geldi. Ol bellenilen aralygy 1 minut 21 sekuntda geçmegi başardy. Tomaşaçylar ýaryşyň ikinji çapyşygynda-da Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gülzar atly bedewiň ýeňşine şaýat boldular.

Gyzykly geçen üçünji çapyşykda «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli Messan, dördünji çapyşykda bolsa A.Çaryýewiň hojalygyna degişli Zyýada atly atlar saýlandylar. 1200 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda M.Seýidowyň hojalygyna degişli bolan Gaýratly atly mele at bu aralygy 1 minut 21,2 sekuntda geçip, ýyndamlygy bilen tapawutlandy.

Altynjy çapyşyk üçin aralyk 1400 metr kesgitlenildi. Görkezilen aralygy 1 minut 35,9 sekuntda geçen M.Meretnyýazowyň hojalygyna degişli bolan Atylar atly dor at, 1600 metr aralyga geçirilen ýedinji çapyşykda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Şertli atly akýal mele at ýeňiji boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Käpeler diýen gara aty sekizinji çapyşygyň iň ýyndam bedewine öwrüldi. Ol bellenilen aralygy 1 minut 51,1 sekuntda geçmegi başardy. Dokuzynjy çapyşyga goşulan bedewler üçin aralyk biraz artdyrylyp, 1800 metre ýetirildi. Netijede, ahalteke bedewleriniň janköýerleri bu çapyşykda A.Myratberdiýewiň hojalygyna degişli Söwerdagy atly gara atyň pellehanadan ilkinji bolup geçişini synladylar.

Jemleýji, onunjy çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Ýangyn atly dor at pellehanadan birinji geçmegi başaryp, tomaşaçylaryň berekellasyna mynasyp boldy. Ýaryşlarda ýeňiş gazanan atlara sylag-serpaýlar ýapyldy.