Turkmenportal logo
24.03.26
2151721517
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 15 we 17 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda ýetginjekler futbol ligalaryna badalga berildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ilkinji gezek iki ýaş topary — 15 ýaşa çenli we 17 ýaşa çenli ýetginjekler toparlarynyň arasynda ýurduň birinjiligini geçirýär. Bu ýaryşlara ýurduň Ýokary ligasynyň klublarynyň ýanynda döredilen toparlar gatnaşýar.

17 ýaşa çenli toparlaryň arasyndaky birinjilik 23-nji martda badalga aldy. Ýaryşa sekiz topar gatnaşýar: «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi», «Aşgabat», «Köpetdag» we «Merw». Birinji tapgyryň netijeleri boýunça «Ahal» «Şagadamy» 3:0 hasabynda ýeňdi, «Merw» «Köpetdagy» 5:1 hasabynda utup, uly hasap bilen ýeňiş gazandy. «Nebitçi» bilen «Altyn Asyr», şeýle hem «Aşgabat» bilen «Arkadag» klublarynyň arasyndaky duşuşyklar 1:1 hasaby bilen deňme-deň tamamlandy.

15 ýaşa çenli toparlaryň arasyndaky birinjilik 24-nji martda başlanýar. Bu ýaş toparynda hem şol sekiz topar çykyş eder: «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi», «Aşgabat», «Köpetdag» we «Merw».

Iki ýaryş hem iki aýlaw boýunça geçiriler.