Turkmenportal logo
Şu gün 12:04
54285428
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

24-nji martda Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2026) açyldy. Ýaryş 650 töweregi gatnaşyjyny: türkmen ýokary okuw mekdeplerinden 400-e golaý talyby we daşary ýurtlardan 250-ä golaý talyby bir ýere jemledi.

Bäsleşige türkmenistanly ýaşlar bilen birlikde Russiýanyň, Germaniýanyň, Gresiýanyň, Wengriýanyň, Niderlandlaryň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we BAE-niň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşýarlar. Olimpiada türkmen we iňlis dillerinde geçirilýär we iki gün dowam eder.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilýär:

Şahsy bäsleşik А и В derejede geçirilýär. Toparlaýyn bäsleşige okaýan hünärine bagly bolmazdan 4 talypdan düzülen topar gatnaşar.

Toparyň düzümine dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary girip biler.

Olimpiada üçin meseleleri gatnaşyjy uniwersitetleriň özleri hödürledi: her ýokary okuw mekdebi badalga berilmezinden azyndan 20 gün öň çözüwi bilen bilelikde bäş sany tabşyrygy hödürledi. Eminler topary Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň akademiki jemgyýetçiliginiň wekillerinden düzüldi.

Olimpiada 2021-nji ýyldan bäri geçirilýär we ýyl-ýyldan has köp daşary ýurtly gatnaşyjyny özüne çekýär. Matematika bäsleşiklerinden başga-da, maksatnama däp bolşy ýaly daşary ýurtly myhmanlary türkmen paýtagtynyň taryhy we medeni gözel ýerleri bilen tanyşdyrmagy göz öňünde tutýar.