Turkmenportal logo
Şu gün 11:46
29412941
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nýu-Ýorkuň howa menzilinde uçar bilen ýangyn söndüriji ulag çaknyşdy
Surat: interfax.ru

Nýu-Ýorkuň La-Guardiýa howa menzili ýolagçy uçarynyň ýangyn söndüriji ulag bilen çaknyşygyndan soňra uçarlary kabul etmeýär we uçurmaýar diýip, «The New York Times» neşirine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Ýagny duşenbä geçilýän gije «Air Canada Express» uçary gonuş wagty ýangyn söndüriji ulag bilen çaknyşdy, şol wagt uçarda ekipažyň dört agzasy hem-de 72 ýolagçy bardy. Maglumatlara görä, baş uçarman hem-de ikinji uçarman gurban boldy, 40 adam şikes aldy.

Wakanyň bolan ýerinden görnüşlerde uçaryň fýuzelýajynyň öň bölegine çynlakaý zeper ýetendigi görünýär.