Turkmenportal logo
Şu gün 11:02
25212521
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
CNA: Hytaýda çişlikçileriň uniwersiteti açyldy
Surat: gazeta.ru

Hytaýda talyplara kömürde çişlik we beýleki tagamlary dogry taýýarlamalydygyny öwredýän uniwersitet açyldy diýip, CNA salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Okuw mekdebi Ýueýan açyk uniwersiteti bilen şäheriň Barbekýu assosiasiýasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde döredildi. Ol ýurtda ýerli barbekýu senagatyna bagyşlanan ilkinji maksatnama boldy.

Ýueýan öz aşhana özboluşlylygyny işjeň ösdürýär. Resmi maglumatlara görä, şäherde 2 müňden gowrak barbekýu-restoranlar bolup, olar her gün jemi 291 million dollar girdeji gazanýarlar hem-de 50 müňe golaý adamy iş bilen üpjün edýärler.

Okuwlar tamamlan talyplara diňe bir diplom däl, işgärler edaralary tarapyndan ykrar edilen hünärmen güwänamasy gowşurylar.

Dekan Hu Szýuan uniwersitetde okamaga isleg bildirýänleriň garaşylanyndan köp bolandygyny aýdýar.

Uniwersitetde okuwlar üç ýyl dowam edýär. Talyplara 30-dan gowrak ussat baş –azpez bilim berýär.