Turkmenportal logo
Şu gün 10:58
47924792
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek Bütindünýä sergisi üçin pawilýon döretmek boýunça tender-bäsleşigini gaýtadan yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak boýunça halkara tender-bäsleşigini gaýtadan yglan etdi. Bu çäre 2027-nji ýylda Serbiýanyň paýtagty Belgradda geçiriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edişligi 2026-njy ýylyň 13-nji aprelinde sagat 18:00-da tamamlanar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler zerur bolan resminamalary Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 52-nji jaý salgysyndan alyp bilerler. Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 44-64-77, 44-63-00, 44-64-14, 44-63-31.