Turkmenportal logo
Şu gün 10:04
50635063
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda 14 million dollara golaý geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine dokma önümleri, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, boýalan we jins matalar ýerlenildi.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 26 million 251 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, binýatlyk ýagy, gaplaýyş plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.