Turkmenportal logo
Şu gün 09:46
23432343
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen kompozitorynyň makalalar ýygyndysy neşir edildi

Türkmenistanda «Iki klawiaturadaky solo: fortepianodan kompýutere» atly makalalar ýygyndysy neşir edildi. Bu kitap soňky ýyllarda ýurduň medeni durmuşynyň özboluşly antologiýasyny özünde jemleýär. Onuň awtory — kompozitor, sungaty öwreniji we žurnalist Aýna Şirowa.

Möçberi 500-den gowrak sahypadan ybarat bolan kitapda 2021–2026-njy ýyllar aralygynda gyzgyny bilen metbugatda çap edilen medeni wakalar, sungat, döredijilik baradaky makalalary ýerleşdirilipdir.

Okyjylara amatly bolmagy üçin kitap dürli bölümlere bölünip, eksklýuziw söhbetdeşliklerden başlap, konsertler baradaky synlara çenli giň gerimli materiallary hödürleýär.

Bu ýygyndy sungaty öwrenijiler, döredijilik ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin peýdaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem şol bir wagtyň özünde giň okyjylar köpçüligi üçin hem gyzykly we özüne çekiji bolar.