Turkmenportal logo
Düýn 09:29
46524652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Zerewshan söwda nyşanly papaklary we batnikleri tikmek hyzmatyny ýola goýdy

«Zerewshan» tikinçilik sehi papaklary we batnikleri (köýnekleri) taýýarlamak üçin sargytlary kabul edip başlandygyny mälim edýär. Bu ýerde önümleri brendlemek mümkinçiligi bar — olary kiçi mukdardan başlap, iri lomaý sargytlara çenli sargyt edip bolýar. Kärhana söwda nyşanly (tikme ýa-da ýelmemek görnüşinde) hem-de hiç bir nyşansyz önümleri hödürläp, olar toparlara, işewürlik kärhanalaryna we şahsy müşderilere niýetlenilýär.

Haryt görnüşleriniň arasynda dürli nusgadaky papaklar we ähli ölçegdäki batnikler (köýnekler) bar. Papaklar üçin sargydyň iň az mukdary 50 sany bolup, bahasy mukdara görä üýtgeýär: 500 sana çenli sargyt edilende biriniň bahasy 60 manat, 1000 sanydan köp bolanda bolsa 50 manat bolýar. Batnikleriň bahasy aýratynlykda kesgitlenýär — ol saýlanan materiala we mukdara baglydyr.

Önümçilik sehiniň ýerleşýän salgysy: Obýezdnoý köçesi, Begler ýoly binasy, ýerzemin gat.

Sargyt etmek üçin telefon belgisi: +993 71 166 966 ýa-da WhatsApp arkaly ýüz tutup bolýar.

Kärhananyň işgärleri sargytlaryň tiz ýerine ýetirilmegine hem-de önümleriň degişli hiline aýratyn üns berilýändigini nygtaýarlar.