«Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Köken» atly gazet tapmaçalaryny (krossword, skanword, çaýnword) düzmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Bäsleşigiň düzgünnamasy gazetiň şu günki sanynda çap edildi.
Düzgünnama laýyklykda, bäsleşik türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine, atçylyk sungatyna we türkmen atşynaslygyna degişli sowallar esasynda taýýarlanylan krosswordlary, skanwordlary we çaýnwordlary düzmek boýunça geçiriler.
Bäsleşige hödürleniljek işler kagyz ýüzünde (taýýar çyzgy görnüşinde, jogaplary ýerleşdirilen halda) hem-de elektron formatda (PDF ýa-da JPG) kabul ediler.
Bäsleşige Türkmenistanyň 35 ýaşa çenli raýatlary gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige hödürlenilýän işler 30-njy aprele çenli kabul ediler.
Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleniljek işleriň ýanyna özleri baradaky maglumatlary (okaýan, işleýan we ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) goşup, olary şu salga ugratmaly:
Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 593-nji jaý.
E-mail: br.gazeti@gmail.com.
Telefon belgiler: +993 12 23 77 95, +993 12 23 77.
Bäsleşigiň ýeňijileri ýörite düzülen eminler topary tarapyndan kesgitleniler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy maý aýynyň birinji ongünlüginde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda geçiriler. Ýeňijilere guramaçylaryň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.