Turkmenportal logo
Düýn 19:51
64056405
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Günorta Koreýada ganatly dinozawryň täze görnüşi ýüze çykaryldy

Paleontologlar Günorta Koreýanyň çäginde tapylan galyndylara esaslanmak bilen, munuň dinozawryň täze görnüşidigini beýan etdiler. Bu jandara multfilmiň gahrymanynyň we paleontolog Min Hunyň hormatyna «dulizawr» diýlip at berildi.

Dulizawr iki aýakly, hemme zady iýýän dinozawrlaryň hataryna degişli bolup, onuň bedeni ýelek ýa-da tüý bilen örtülen bolupdyr. Uly ýaşly görnüşleriniň ölçegi guzujygyň ölçegine golaý bolsa, olaryň ýaşlary hindi towugynyň ululygyna meňzeş bolupdyr. Dinozawr hek döwrüniň ortalarynda — takmynan 113–94 million ýyl mundan ozal ýaşapdyr.

Bu tapyndy ylma mälim bolan ganatly dinozawrlaryň sanawyny giňeldýär hem-de häzirki Koreý ýarymadasynyň çägindäki hek döwrüniň haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi barada täze maglumatlaryň üstüni açýar.