Turkmenportal logo
Düýn 13:40
50195019
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Demir we awtomobil ýollaryny gurmak boýunça ÝTÖB Türkmenistana maýa goýumlaryny dowam eder
Surat: caspianpost.com

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipler beýan edildi. Bu barada 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi.

TDH agentliginde habar berlişi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylda bu bankyň agzasy boldy. Häzirki wagta çenli bu düzüm bilen ýurduň maliýe ulgamyna häzirki zaman tejribesini ornaşdyrmak, söwdany, önümçiligi ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 80-den gowrak taslama durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri ýurt bilen bu bankyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen taýýarlanylan birnäçe teklipleri beýan etdi.

Hususan-da, Türkmenistan bilen bu bankyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň täze Strategiýasynyň ugurlaryny gutarnykly görnüşde taýýarlamak teklip edilýär. Bu resminama döwlet edaralary we hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýan taslamalara uzak möhletli esasda düýpli maýa goýumlary çekmek üçin ygtybarly binýat bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet toplumyna girýän edaralaryň wekillerinden ybarat bolan iş toparyny döretmek maksadalaýyk hasaplanýar. Şeýle hem Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, hususan-da, ýurdumyzda demir we awtomobil ýollaryny gurmak, olaryň durkuny täzelemek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek işini işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasyna laýyklykda, ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen bilelikde ýakyn wagtda gepleşikleri geçirmek maksadalaýyk bolar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart-aprel aýynda Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin iş meýilnamany taýýarlamak baradaky teklip beýan edildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň abraýly maliýe institutlary we halkara banklar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.