Turkmenportal logo
Düýn 08:59
63686368
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

Hökümet baştutany öz hatynda Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

«Size çuňňur hormat goýýandygymy beýan etmäge hem-de Gruziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary bilelikdäki tagallalarymyz bilen mundan beýläk-de has-da pugtalandyrmaga taýýardygymyzy ynandyrmaga rugsat ediň!» — diýip, Irakli Kobahidze belledi.

TDH agentliginiň habar berşi ýaly, Gruziýanyň Premýer-ministri hatynyň ahyrynda döwlet Baştutanynaa jogapkärli işlerinde üstünlikler, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.