Turkmenportal logo
Düýn 23:29
32843284
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Liderine Gazagystanyň Prezidentiniň adyndan hoşallyk haty gelip gowuşdy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň we onuň halkynyň adyna iberen hoşniýetli haty üçin hoşallyk bildirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gazagystanyň Prezidenti hoşallyk hatynda köpasyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, häzirki zaman şertlerinde şeýle syýasatyň möhümdigini belledi. Şeýle hem Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilelikdäki tagallalaryň netijesinde köpugurly hyzmatdaşlygyň ýurtlaryň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.