Turkmenportal logo
22.03.26
93539353
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2007-nji ýyldan bäri 20 esse artdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-e bolan dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynda Hytaýyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.

«2007-nji ýyldan häzirki döwre çenli biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy. Haryt dolanyşygynyň durnukly saklanýandygyny hem-de her ýylda 9-10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýandygyny bellemek möhümdir» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde energetika, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar pudaklaryny, dokma we agrosenagat toplumlaryny görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý bilen hyzmatdaşlykda ulag pudagynyň hem depginli ösdürilýändigini aýdyp, häzirki döwürde Türkmenistanyň demir ýollarynda hereket edýän wagonlaryň hem-de lokomotiwleriň 90 göteriminiň Hytaýda öndürilendigini nygtady.