Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko «Roskosmos» tarapyndan öndürilen ýük daşaýan «Progress» kosmos gämisini uzakdan dolandyrmak boýunça türgenleşik geçdi. Ol teleoperator dolandyryş ulgamy (TODU) boýunça wezipeleri ýerine ýetirdi. Kononenko Halkara kosmos stansiýasyna 76-njy ekspedisiýanyň ätiýaçdaky ekipažynyň serkersedi wezipesine bellenildi.
Adatça ýük gämileri stansiýa özbaşdak golaýlaşyp, onuň bilen birleşýärler. Emma awtomatiki ulgamyň işlemedim ýagdaýyny göz öňünde tutup, ekipaž el bilen dolandyrmaga geçmegi we gämileri degişli düwmeler bilen uzakdan birikdirmegi öwrenýär. Kosmonawtlar muny ýerine ýetirýän mahaly başga-da adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykyp biler, şonuň üçin ekipaž olaryň ählisini düzetmegi başarmaly.
Türgenleşikde Oleg Kononenko dürli näsazlyklary tapmagy we düzetmegi öwrendi. Mysal üçin, bort kompýuteri işlemedik ýagdaýynda, gämiler nädogry golaýlaşanda ýa-da operator displeý doňanda, ol gämä gözegçiligi gaýtadan dikeltmegi başardy.
Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň 1-nji dolandyryş laboratoriýasynyň ýolbaşçysy Andrey Sawintsev displeý doňan ýagdaýynda kosmonawtlaryň nähili hereket edýändigini düşündirdi. Operator stansiýanyň hereketini görýär, emma ekrandaky sanlar doňup galýar. Şeýle ýagdaýda kosmonawt Ýerdäki hünärmenlerden ulgamy täzeden işe girizmäge rugsat soraýar. Ýerden rugsat berlen badyna, ekipaž degişli buýruklary girizýär we displeý täzeden işe girizilýär. Maglumatlar gaýtadan üýtgäp başlaýar we kosmonawt gämäniň stansiýa nähili golaýlaşýandygyny gözegçilikde saklamagy dowam etdirýär.
Ýeri gelende bellesek, Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenistanyň Çärjew şäherinde (häzirki Türkmenabat) doguldy. 1988-nji ýylda Harkow awiasiýa institutyny uçar hereketlendirijisi hünäri boýunça tamamlady. Kononenko halkara kosmos stansiýasyna 2008-nji ýylda ilkinji kosmos uçuşyny amala aşyrdy.