Turkmenportal logo
Düýn 23:35
26582658
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Milli bahar baýramy uly ruhubelentlikde bellenilýär

Şu gün türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary türkmen toýlaryna mahsus ýörelgeler bilen utgaşdy. Ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ajaýyp ýaýlada guralan dabaralara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Ajaýyp ýaýlada türkmen milli däp-dessurlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy, türkmen milli tagamlarynyň taýýarlanmagy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna uly orun berilmegi dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy.

«Nowruz ýaýlasynda» bezelen ak öýler dikilip, türkmen obasynyň keşbi emele getirildi. Onda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş, maşgala bilen bagly parasatly däp-dessurlary, oba durmuşynyň aýratynlyklary şöhlelendirildi. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň eserleri we senetleriň görnüşleri görkezildi.

«Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyrylan baýramçylyga bagyşlanylyp, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti hem geçirildi. Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar Gahryman Arkadagyň paýhasyndan bina bolan Arkadag şäherinde, şeýle hem ýurduň ähli sebitlerinde-de giň gerime eýe boldy.