Şu gün Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilýän pursatlarynda bu ählihalk dabarasyna Gahryman Arkadagyň gatnaşmagy bu ýerde geçirilen umumymilli çäräniň derejesini we ähmiýetini belende göterdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bag nahalyny oturdyp, sogaply işe badalga berdi. Bu asylly işe Gahryman Arkadagyň körpe nesil bilen bile badalga bermegi ýurtda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň rowaç alýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşýanlar Gahryman Arkadagyň başlangyjyndan ruhlanyp, bag nahallaryny ekmäge girişdiler.
Bag ekmek dabarasynyň barşynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, şäheriň çäklerinde degişli ekologiýa derejesini saklamak hem-de şäheriň ähli çäklerinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça edilýän giň möçberli tagallalar barada maglumatlar berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäherde ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işleriniň ýola goýulmagy babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.
Türkmenistanda asylly däbe öwrülen, ählihalk bag ekmek dabaralary täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň türkmen halkynyň sagdynlygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.