Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet Baştutanynyň ýurdy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu giň gerimli çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de türkmen halkynyň asylly däpleriniň dowamata atarylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Dürli görnüşli bag nahalarynyň bu künjegiň toprak-howa şertleriniň nazara alnyp ekilmegi dag eteklerindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Bag ekmek dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentine tutuş ýurtda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň baş şäherini abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini geçirmek, şeýle-de alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdiler.
Şeýlelikde, köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasy boldy.