Turkmenportal logo
Düýn 16:43
55685568
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýa her ýylda iberilýän gazyň möçberini 65 milliard kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa her ýylda iberilýän gazyň möçberini 65 milliard kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri  HHR-e bolan dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi.  

Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika pudagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugrudyr. 2006-njy ýylyň aprelinde Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak we türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna ibermek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Baş ylalaşyga gol çekildi. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda bu gaz geçiriji ulanmaga berildi. Şol günden başlap, ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistan her ýyl Hytaýa 40 milliard kub metre golaý gazy iberýär.

«2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberildi. Häzirki döwürde biz her ýylda iberilýän gazyň möçberini 65 milliard kub metre çenli artdyrmagyň üstünde bilelikde işleýäris» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle gaz strategiýasynyň Türkmenistanyň we Hytaýyň uzak möhletleýin bähbitlerine, ählumumy ykdysady ösüşiň ýagdaýyna laýyk gelýändigini aýratyn nygtady. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CNPC» kompaniýasynyň Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» känini özleşdirmek boýunça halkara bäsleşigiň ýeňijisi bolandygyny, bu taslamanyň tebigy gazyň her ýylda 10 milliard kub metrini goşmaça ibermäge niýetlenendigini belledi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidenti 20-nji martda  Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bu ugurdaky degişli resminama gol çekipdi.