Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-e bolan dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» telekanalyna interwýu berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri interwýuda häzirki wagtda dünýädäki halkara ýagdaýy barada durup geçip, gapma-garşylyklary dialog arkaly parahatçylykly ýol bilen çözmäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, häzirki ýagdaý çylşyrymly, ýöne, muňa garamazdan, ony kadalaşdyrmak, gapma-garşylygy aradan aýyrmak, medeniýetli gepleşikler ýoluna geçmek üçin mümkinçilikler bar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň gurallarynyň we mümkinçilikleriniň bardygyny, olary ulanmagyň zerurdygyny Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi.
Milli Lider: «Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan gapma-garşylyklara goşulmaýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usulyny kabul etmeýär. Munuň özi biziň üçin diňe iş ýüzündäki syýasy sorag bolman, eýsem, ilkinji nobatda, ahlak bilen bagly soragdyr. Sebäbi uruşlar, ilki bilen, adamlara, olaryň ykbalyna, durmuş ýagdaýlaryna, arzuw-hyýallaryna we umytlaryna zarba urýar. Uruşda bularyň ählisi bir pursatda ýom-ýok bolýar. Şoňa görä-de, häzirki döwürde uruş etmek üçin tagallalary iki esse artdyrmaly däl-de, şol uruşlary aradan aýyrmak üçin on esse tagalla etmeli. Şu ýerde men geçmişde ýaşan bir parasatly şahsyýetiň sözlerini mysal getirmek isleýärin. Bu sözler orta asyr görnükli türkmen döwlet işgäri Baýram han Türkmene degişlidir. Ol: «Parahat ýaşamagy başarmak bilen deňeşdirilende, uruşda ýeňiş gazanmak hiç zatdyr» diýipdir» diýip, urşuň hiç wagt adamzada bagt getirmeýändigini beýan etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tutuş adamzadyň abadan, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny arzuw edip: «Atylan ok hiç haçan yzyna gaýtmaýar». Ol sen harbymy, esgermi, ýönekeý raýatmy ýa-da çagamy... — saýgarmaýar. Gynansak-da, ol diňe pida getirýär. Şonuň üçin taryha ser salsak, onda hiç haçan urşuň ýeňen ýeri ýokdur» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.