Aşgabatdaky Zyýat Hil konditer dükanlar ulgamy Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda giň görnüşli süýjülik önümlerini müşderilere ýetirýär. Baýramçylyk önümleriň hatarynda hem däp bolan, hem-de awtorçylyk usulynda taýýarlanan süýjülikler bar. Olar maşgala saçagyna hem, sowgat hökmünde hem diýseň amatlydyr.
Konditer dükanynyň işgärleriniň belleýişlerine görä, Nowruz baýramy mynasybetli önümleriň tagam dürlüligi we bezegi aýratyn üns merkezinde durýar. Assortimentde tortlar, pirožnylar, milli desertler, şeýle hem bahar stilinde bezelip taýýarlanan süýjülikler bar.
Ulgamyň wekilleriniň aýtmagyna görä, önümler ýokary hilli çig maldan, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda taýýarlanylýar. Bu bolsa süýjülikleriň tagamynyň ýokary bolmagyny we daşky görnüşiniň özüne çekijiligini üpjün edýär.
Nowruz baýramy adaty ýagdaýda bereketli saçak bilen utgaşýar. Zyýat Hil-de taýýarlanan önümleriň maşgala agzalaryny bir saçagyň başynda jemleýän baýramçylyk ruhunyň bir bölegine öwrüljekdigine umyt bildirilýär.

Dükanlar ulgamy her gün sagat 08:00–22:45 aralygynda, dynç günsüz işleýär. 150 manatdan ýokary sargyt edilende, Aşgabadyň we Gökdepe etrabynyň çäginde eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
Habarlaşmak üçin:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly 254, telefonlar: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61;
Garadaşayak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy 3, 1-nji gat, telefonlar: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.