Turkmenportal logo
Şu gün 00:00
25112511
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna sorag-jogap arkaly beýanat berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna sorag-jogap arkaly beýanat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy žurnalisti bilen bolan söhbetdeşliginiň öňüsyrasynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdy. Şeýle žurnalist türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ömür ýoly, döredijiligi, ýazan kitaplary bilen içgin gyzyklandy. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow teleýaýlymyň alybaryjysynyň haýyşy boýunça onuň ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, iki ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra dünýäde meşhurlyk gazanan bu teleýaýlymyň esasy alypbaryjysy Fe Ýanken Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljekki ugurlary, şeýle hem bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň edýän tagallalarynyň netijeleri bilen gyzyklandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri hytaýly žurnalistiň sowallaryna ähli ugurlary öz içine alýan jogaplary berdi.