Turkmenportal logo
Düýn 23:18
24992499
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň daşary ykdysady işini kämilleşdirmäge degişli taslamalar taýýarlanyldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem ykdysady ugurdaky halkara guramalary we maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda geçirilen işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň», «Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň» taslamalary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň daşary ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan resminamalary makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.