Oraza baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto, Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif gutlag hatlaryny iberdiler. Bu barada TDH habar berýär.
Gutlag hatlarynda Türkmenistanyň dost-doganlyk halkyna musulman dünýäsinde uly şatlyk bilen bellenilýän mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden iň gowy arzuwlaryny, şeýle hem ähli musulman dünýäsi üçin şu şatlykly günlerde Beýik Biribardan Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, rysgal-bereket hem-de rowaçlyk bilen bagly dileglerini beýan etdiler.