Turkmenportal logo
Düýn 13:50
95079507
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Owganystanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlady

Owganystanyň Premýer-ministri Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny Owganystanyň halkynyň adyndan Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Premýer-ministr gutlag hatynda Türkmenistanyň we Owganystanyň iki goňşy ýurt hökmünde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirmek arkaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda yzygiderli tagalla edýändiklerini belläp, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ygrarlydygyny tassyklady.

Pursatdan peýdalanyp, Owganystanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.