Turkmenportal logo
Düýn 13:32
2530825308
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýerli häkimiýet edaralarynyň saýlawlaryna möhletinden öň ses bermeklik başlandy

19-njy martda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, bu işler ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän, şeýle hem saýlawlaryň geçirilýän gününde — 29-njy martda, dürli sebäplere görä, mynasyp dalaşgäre ses bermek üçin degişli saýlaw uçastoklaryna baryp bilmejek raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine habar berlişi ýaly, öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlygyň çäklerinde saýlaw okruglarynyň jemi 363-si döredilip, olaryň çäginde hereket etjek saýlaw uçastoklarynyň 578-si saýlawlary geçirmäge doly taýýar edildi. Türkmenistanyň raýatlarynyň 658 müň 924-si saýlawlarda ses bermek üçin saýlawçylaryň sanawyna girizildi. Şolaryň 11 müň 373-si ilkinji gezek ses berýän saýlaw hukukly ýaş saýlawçylardyr. Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, raýatlar toparlarynyň wekillerinden bellenilen, şeýle-de dalaşgärleriň özleriniň bellän milli synçylarynyň 667-si welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynda bellige alyndy.

Möhletinden öň ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçiriler.