Şu gün Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär. Oraza baýramynda türkmenistanlylar metjitlerde baýram namazyna ýygnanyp, bu mübärek aýda edilen ähli doga-dilegleriň Beýik Allanyň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler. Hemmeler birek-biregi yslam dünýäsinde ähli aýlaryň serweri hasaplanýan bu ajaýyp baýram bilen mähirli gutladylar.
Ruhy taýdan päklenmegiň aýy hasaplanylýan mukaddes Remezan aýynyň ähli sogaplaryny, şükranalyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanyň gözel hem ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän Oraza baýramy köňüllere şatlyk paýlap, ak arzuwlary ganatlandyrýar, halkyň agzybirligini, jebisligini has berkidýär, ata Watana söýgini artdyrýar. Şoňa görä-de, ähli musulman halklar bilen birlikde, türkmen halky hem mukaddes Remezan aýynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan Oraza baýramyny hemişe uly şatlyk, ruhy joşgun hem agzybirlik bilen belleýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti: «Asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip we nesilden-nesle geçirilip gelinýän Oraza baýramy ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrýar. Bu baýramyň ägirt uly ähmiýeti biziň günlerimizde has aýdyň duýulýar. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Halkymyzy döredijilikli işlere, täze üstünliklere ruhlandyrmakda, aýratyn-da, ýaşlarymyzda geçmişimize beýik buýsanjy, asylly häsiýetleri terbiýelemekde Oraza baýramy mynasyp orny eýeleýär» diýip belleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bolsa «Ömrümiň manysy» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Oraza baýramy musulman halklaryň her birinde bellenilýär. Türkmen halky bu baýramy hemişe-de özüçe belläpdir we oňa özüçe öwüşgin beripdir. Ony dindarlar hem, dindar däller hem, bütin halk öz baýramy hasaplaýar. Şoňa görä, biziň halkymyzda onuň ýaýrawy, dabarasy, şatlygy dini çäklerden giňdir, ol biziň halkymyzda tüýs milli baýrama öwrülip gidipdir diýip bolar».