Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary tamamlandy. Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýa dostluk saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň («CNPC») direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan, şeýle hem Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp, atçylyk pudagynyň wekilleri, atşynaslar bilen duşuşyklary geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyndaky duşuşykdan soňra oňa gatnaşyjylar mähirli hoşlaşyp, Pekiniň Şoudu Halkara howa menzilinden Türkmenistana ugrady.
Birnäçe sagatdan soň Gahryman Arkadagyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.