Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýa dostluk saparynyň jemleýji gününde Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Hytaýyň atçylyk assosiýasiýasynyň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, Hytaýyň ähli künjeginden gelen atşynaslar hem-de toplumyň wekilleri mähirli garşyladylar. Olar türkmen halkynyň Milli Liderini dünýäniň ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly goşant goşan şahsyýet hökmünde mübäreklediler. Bu ýerde Hytaý tarapynyň wekilleri Gahryman Arkadagy toplum bilen tanyşdyrdylar.
Ilki bilen sazandalar topary hytaý saz gurallarynda milli sazlary ýerine ýetirdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşlary üçin sazandalara minnetdarlyk bildirip, olary Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin ýurda çagyrdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Liderine atlaryň gezim etdirilişi, hytaý tohum itleri görkezildi. Toplum bilen tanyşlygynyň barşynda hytaý tarapy Gahryman Arkadaga toplumyň sport atlaryny taýýarlamak we halkara ýaryşlaryny guramak boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler. Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke atlaryny synlady hem-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbine eýerip, behişdi ahalteke bedewiniň boýnuna alaja daňdy.