Turkmenportal logo
Düýn 16:26
68116811
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýürek we aşgazan üçin haýran galdyryjy peýdaly miwe belli boldy
Surat: centralsun.com

Ýabany çernika aşgazanyň we ýürek-damar ulgamynyň işini örän gowulandyryp biler. ABŞ-nyň Men ştatynyň uniwersitetiniň alymlary 20 ýylyň dowamynda geçirilen ylmy-barlaglary öwrenmek arkaly şeýle netijä geldiler. Bu barada «Critical Reviews in Food Science and Nutrition» (CRFSN) žurnalynda çap edilen makala salgylanýan «Kabar.kg» internet resursy habar berdi.

Alymlar ýabany çernikanyň özünde peýdaly maddalary kän saklaýandygyny belleýärler. Adam tarapyndan ýetişdirilýän çernikadan tapawutlylykda, ýabany görnüş düzüminde antioksidantlary iki esse kän saklaýar, onda kletçatka 72 göterim we antosianlar, ýagny damarlary goraýan we bedende çişmäni peseldýän ösümlik birleşmeler üçden bir derejede köp. Netijede, bu miwäni yzygiderli peýdalanmak gan damarlarynyň saglygyna oňyn täsir edip, gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Ol iýmit siňdiriş ulgamy üçin hem peýdaly.

Hünärmenler ýabany çernikanyň saglyga täsirini duýmak üçin günde ýarym—bir käse miwe iýmegi maslahat berýärler. Şunda doň ýa-da guradylan ýabany çernika hem peýdalydyr, sebäbi gaýtadan işlenende-de onuň düzümindäki biologik işjeň maddalar oňat saklanýar.