Nepalyň hökümeti Ewerest dagyna çykýan alpinistleri esasy II düşelgeden (6400-6750 m) aşak düşenlerinde ýanlary bilen 2 kilogramdan az bolmadyk zibil getirmäge borçly etdi. Bu barada «The Himalayan Times» gazeti habar berdi. Täze düzgünler Daşky gurşawyň hapalanmagyna gözegçilik boýunça geňeş (SPCC) tarapyndan gyzyklanýan taraplar bilen geňeşmeleriň barşynda yglan edildi.
SPCC-niň baş direktory Shering Şerpa: «Daga münüjiler eýýäm syýahatlaryndan soňra dagyň esasy düşelgesine sekiz kilogram zibil tabşyrmaga borçly. Täze düzgünlere görä, iki kilogram zibil III we IV düşelgelerde ýygnalmaly bolar» diýdi.
Daga çykylýan möwsümde II düşelgede ýörite döredilen topar täze talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik eder.
Ýerli ýolbaşçylar daga münüjileriň sanynyň artmagynyň Ewerest dagynyň etrabynda zibilleri çynlakaý ekologik meselä öwrendigini belleýärler.