Şanhaýda uzak wagtlap uklamak boýunça ýaryş geçiriler. Ýeňiji pul sylagyny alar diýip, «Sohu» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Ýaryşa gatnaşyjylara açyk tebigatda tä özleri oýanýança uklamak teklip edilýär. Ýaryşyň baş baýragy 430 dollar, geljekki ýeňijini bolsa internet ulanyjylar eýýäm «Ukynyň hudaýy» diýip atlandyrdylar.
Ýaryşa isleg bildirenler garaşylanyndan has köp bolupdyr. Hasaba almak açylany bäri oňa 100-den gowrak adam ýüz tutupdyr. Emma iki tapgyrda geçjek ýaryşlara gatnaşmak üçin boş orun galmandyr.
Sosial torlarda bäsleşigi köpler degişme bilen «ýatyp pul gazanmagyň aňsat usuly» diýip atlandyrýarlar. Emma guramaçylar welin, çäräniň maksadynyň tebigatda dynç almagy hem-de uka akylly-başly çemeleşmegi wagyz etmekden ybaratdygyny nygtaýarlar.