Turkmenportal logo
Şu gün 14:01
48074807
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy Aziýanyň Kubogyna çykmak üçin aýgytlaýjy oýna taýýarlyk görmäge başlady

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy–2027-niň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Tailandyň ýygyndysyna garşy geçiriljek möhüm oýna taýýarlyk görýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.

Ýygyndynyň baş tälimçisi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda milli ýygyndymyz paýtagtda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär, türgenleşikler her gün iki gezek alnyp barylýar.

Bäş tapgyrdan soň türkmen futbolçylary «D» toparçasynda 12 utuk bilen liderlik edýär. Tailandyň ýygyndysy hem 12 utuga eýe, ýöne goşmaça görkezijiler boýunça Türkmenistandan yza galýar. Şol sanda Aşgabatda geçirilen duşuşykda türkmen futbolçylarynyň 3:1 hasabynda gazanan ýeňşi möhüm ähmiýete eýedir.

Toparçada üçünji orny Şri-Lanka 6 utuk bilen eýeleýär, Hytaý Taýbeýiniň ýygyndysy bolsa henize çenli utuk gazanyp bilmedi.

Toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşygy 31-nji martda Bangkokdaky «Raja­mangala» stadionynda Tailand bilen Türkmenistanyň arasynda geçiriler. Bu toparçanyň ýeňijisi gönümel Aziýanyň Kubogy–2027-niň final bölegine çykmaga hukuk gazanar. Ýaryş Saud Arabystanynda geçiriler.