Turkmenportal logo
Şu gün 12:56
39013901
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwa şäherinde «Remezan çadyrynyň» çäklerinde Türkmenistanyň agşamy geçirildi

Moskwanyň Poklonnaýa dagyndaky Memorial metjidiniň ýanynda ýaýbaňlandyrylan her ýylky «Remezan çadyry» medeni-haýyr-sahawat taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň agşamy boldy. Maksatnama gündizki agyz beklemek pursady tamamlanandan soňky däp bolan agşamky nahar — agzaçar hem goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Çäräni Russiýa Federasiýasynyň Musulmanlarynyň dini dolanyşygy we Moskwanyň Musulmanlarynyň dini dolanyşygy edaralary Moskwanyň häkimiýetiniň goldamagynda guradylar. Agşamyň taýýarlyk işlerine Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde türkmen diasporasynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Agşama ilçihananyň işgärleri, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar, türkmen diasporasynyň agzalary, şeýle hem paýtagtda ýaşaýan beýleki musulman halklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly maksatnamanyň dowamynda çagyrylan myhmanlaryň çykyşlary diňlenildi, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna bagyşlanan döredijilikli çykyşlar we wideorolikler görkezildi. Gatnaşyjylar türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri Remezan aýyny mukaddes saýyp, uly sarpa goýýandygyny bellediler. Köpasyrlyk däp-dessurlara görä, ýurduň şäherlerinde we obalarynda şu günlerde milli tagamlar taýýarlanyp, agzaçar saçaklary giňden ýazylýar hem-de ýurduň we halkyň abadançylygy üçin doga-dilegler edilýär.

Resmi bölek we doga-dilegler tamamlanandan soňra, myhmanlara türkmen milli aşhanasynyň tagamlary hödür edildi.