18-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň (UNHCR) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Mahir Safarli bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, M.Safarli özüni BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili wezipesine bellenilendigi baradaky haty türkmen tarapyna gowşurdy. Öz gezeginde, daşary işler ministriniň orunbasary ony wezipä bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan bilen UNHCR-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. Şeýle hem sebit we halkara ynsanperwer gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Raýatsyzlygy aradan aýyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Taraplar bu ugurda Türkmenistanyň gazanan möhüm üstünliklerini, şol sanda 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilendigini bellediler.
Taraplar Türkmenistanyň BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň ählumumy başlangyçlaryna gatnaşmagyny, şol sanda Raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy boýunça Ählumumy bileleşige goşulmagyny we Bosgunlaryň meseleleri boýunça ählumumy forumlara gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy we onuň ilerledilmeginde UNHCR bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.
Sebit gün tertibiniň çäklerinde taraplar sebitdäki ýagdaýlar boýunça pikir alşyp, ynsanperwer krizisleriň döremegini aradan aýyrmak boýunça öňüni alyş çäreleriniň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň guramaçylyk meseleleri, şol sanda geljek döwür üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.