«Starlink» ählumumy internet üpjünçiligi ulgamynyň älemdäki işçi hemralarynyň sany 10 müňden geçýär. Ýagny hut häzirki gün hemralaryň älemde hereket edýänleriniň takyk sany 10 020 enjamy düzdi. Bu barada işläp düzüji «SpaceX» kompaniýasyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
2019-njy ýylyň martyndan bäri «Starlink» taslamasynyň çarçuwasynda «SpaceX» äleme 11,5 müňden gowrak internet-hemrany uçurdy. Olaryň bir bölegi hatardan galdy ýa-da orbitadan çykdy. Diňe 2026-njy ýylyň başyndan bäri kompaniýa 27 sany «Falcon 9» raketasynyň kömegi bilen äleme 728 «Starlink» hemrasyny çykardy.
Geljekde «SpaceX» giň möçberli tory döretmek üçin 12 müň enjam uçurmagy meýilleşdirýär, bu bolsa, Ýeriň islendik künjeginde giň zolakly internete elýeterliligi üpjün eder. Taslama umumy maýa goýumlar 10 milliard dollar bahalanýar.
Häzir «Starlink» tory 10 milliondan geçýän işjeň müşderileri ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek bilen, dünýäniň 160 ýurduny we çäklerini ýapýar