Turkmenportal logo
Şu gün 11:52
26592659
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Astananyň ýokary okuw mekdebinde türkmen talyplarynyň başlangyjy bilen «tegelek stol» geçirildi

Düýn Astanadaky L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, şol ýokary okuw mekdebinde okaýan türkmen talyplarynyň başlangyjy bilen guralan «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyk «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – pederleriň arzuwlan ak menzilleri»diýen şygar astynda geçdi we oňa uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplar gatnaşdylar.

«Tegelek stoluň» dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna we ýaşlar syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýan çärelere deglip geçildi.

Türkmen talyplary öz çykyşlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etjekdiklerine, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitjekdiklerine we halkara akademik hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Uniwersitetde okaýan daşary ýurtly talyplar bolsa ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň geljegini ýakynlaşdyrýan möhüm köprüdigini bellediler.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar häzirki zaman türkmen-gazak gatnaşyklarynyň garaşsyzlyk ýyllary içinde özara ynam we hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýynda ösýändigini nygtadylar.