SAS skandinaw howa gatnadyjysy şu hepdede ýangyja ýokary nyrhlar bilen baglylykda, Norwegiýanyň Bergen, Oslo, Tronheým we Stawanger şäherlerinden uçuşlaryň 110 sanysyny ýatyrýar. Bu barada «Sveriges radio» salgylanýan «Belta.by» habar berdi.
«Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy hasaba almak we ýangyja nyrhlaryň okgunly ýokarlanmagyny goşmak bilen, biz häzir öz durnuklylygymyzy ýokarlandyrmak ugrunda çäreleri görýäris» diýip, SAS awiakompaniýasynyň wekili Aýsteýn Şmidt beýanat berdi.
Uçarmanlaryň kärdeşler arkalaşyklary bolsa, gatnawlaryň ýatyrylmagyny aýlyk haklary boýunça gepleşikleriň togtadylmagy bilen hem baglanyşdyrýar diýlip, habarda bellenýär.