Turkmenportal logo
Şu gün 11:32
33853385
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Hytaýyň DIM-leriniň ýolbaşçylary «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar

18-nji martda Pekinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-iň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, işjeň häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar iki ýurduň ýokary ýolbaşçylygynyň arasyndaky parasatly syýasat we şahsy ynanyşmaga daýanýan gatnaşyklaryň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

HHR-iň daşary işler ministri Wan I türkmen halkynyň Milli Lideriniň hytaý halkynyň öňden gelýän we wepaly dostudygyny aýratyn nygtady. 

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy hytaý tarapyny «iki sessiýanyň» üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady we Türkmenistanyň dünýäde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen Hytaýyň dört sany ählumumy başlangyjyny goldamaga ygrarlydygyny tassyklady.

Köptaraplaýyn dialogy çuňlaşdyrmak üçin netijeli meýdança bolmaga gönükdirilen öňde duran üçünji «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.